«Pokahontas» («Täze dünýä») filminde baş keşbi janlandyran aktrisa K’orianka Kilçer meşhur režissýor Jeýms Kemerony «Awatar» filmindäki Neýtiri keşbini döretmekde özüniň daşky keşbini rugsatsyz ulanmakda aýyplap, kazyýete şikaýat etdi. Aktrisanyň tassyklamagyna görä, režissýor onuň ýüz keşbindäki aýratynlyklary we biometrik meňzeşliğini «Awatar» franyşizasynyň dizaýn işlerinde peýdalanyp, munuň üçin hiç hili ylalaşyk baglaşmandyr we degişli hakyny tölemändir. Arza beriji bu ýagdaýyň ýerli halklaryň medeni mirasyny we şahsyýet haklaryny bikanun peýdalanmakdygyny nygtap, režissýordan maddy hem-de ruhy zyýanyň öweziniň dolunmagyny, şeýle hem resmi ýagdaýda ötünç soralmagyny talap edýär.
Kazyýete hödürlenen resminamalarda bellenilişi ýaly, Kemeronyň özi 2010-njy ýylda aktrisa bilen duşuşanda Neýtiriniň keşbi üçin onuň gözelliginden ylham alandygyny tassyklap, gol çekilen eskizini sowgat beripdir. Emma Kilçer munuň diňe bir “ylham” däl-de, eýsem, önümçilik tapgyrynda ulanylan ulgamlaýyn kopýalama bolandygyny we muňa garamazdan özüne hiç hili rol ýa-da öwez tölegi hödürlenmändigini aýdýar.
Aktrisa öz gezeginde diňe bir döredijilik işleri bilen däl, eýsem, düýpli adam hukuklary we daşky gurşawy goramak ugrundaky işjeňligi bilen hem tanalýar. Häzirki wagtda bu iş dünýäniň kino sntellektual eýeçilik we etika kadalarynyň berjaý edilmegi babatda iň gyzgyn maslahatlaşylýan meseleleriň birine öwrüldi.