Ýaponiýanyň çaga ilaty 2026-njy ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, 13,29 milliony düzdi, bu bir ýyl öňdäkiden 350 müň azdyr diýip, «Kyodo» neşirine salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berdi.
Ýurduň Içeri işler we kommunikasiýalar ministrligi munuň synlamalaryň tutuş taryhynda rekord derejedäki pes görkezijidigini habar berdi. Ýagny 15 ýaşa çenli çagalaryň paýy ilatyň umumy sanynda 10,8 göterimi eýeledi. Bu ýagdaý eýýäm 45 ýyl bäri dowam edýär, çaga ilatyň iň köp artyşy 1954-nji ýylda hasaba alnypdy, şonda görkeziji 29,89 milliona deň bolupdy.
2025-nji ýylda täze dünýä inen bäbekleriň sany nobatdaky taryhy pes görkezijä ýetdi – 705 809 adama deň bolup, bu ýagdaý eýýäm on ýyl bäri dowam edýär.
Ýaponiýanyň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli döwri ýagdaýyň öňüni almakda iň ahyrky mümkinçilik diýip yglan etdi hem-de çagaly maşgalalara maliýe kömegini yzygiderli artdyrýar. Emma, muňa garamazdan, çaga ilatyň azalmagynyň öňüni almak häzirlikçe başardanok.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Ýaponiýa ilaty 40 milliondan geçýän ýurtlaryň 38-siniň arasynda çagalaryň paýy babatda iň ahyrky orunlaryň birini eýeleýär. Soňky orunda Günorta Koreýa ýerleşýär, ol ýerde çaga ilatyň paýy 10,2 göterime deňdir.
PDF









