9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Saýlama ahalteke atlarynyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. Atly sportuň yklym derejesindäki möhüm halkara çäresini synlamaga köp ýurtlardan atçylyk pudagynyň işgärleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlary ýygnandylar.
Bu ýerde türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni mirasyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Milli gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň sergisinde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän sungat eserlerine, zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir. At esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. Bu nepis işler gaýtalanmajak gözelligi bilen bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Dostlukly ýurduň ýaşlary ahalteke atlarynyň daşky keşbini döredijilik işlerinde täsirli şöhlelendiripdirler.
Şu gezekki çapyşyklara tomaşa etmäge Özbegistanyň köp sanly ýaşaýjylary geldiler. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygyny, şolaryň arasynda Özbegistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň hem bardygyny bellemek gerek. Soňra at çapyşyklarynyň başlanýandygy yglan edildi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň we Özbegistanyň Energetika ministrliginiň baýraklaryny almak ugrunda ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşykda “Uzbegim otlari” atçylyk hojalygynyň Pula diýen mele gysragy birinji bolup gelmegi başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gadymydag atly bedew pellehanadan ikinji, şol toplumyň Gazaply diýen bedewi bolsa üçünji bolup geçdi.
Dört we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Özbegistanyň Atçylyk hojalygyna degişli Muattor-hon diýen at pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at bolsa pellehanadan ikinji bolup geçdi.
Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada diýen aty pellehanadan ikinji bolup geçdi.
Halkara derejeli at çapyşygynyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy onuň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň ussat estrada aýdymçylary we dutarçy bagşy sazandalary behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdymlary joşgunly ýerine ýetirdiler.
Ýeňiji bolan çapyksuwarlara we seýislere kuboklar, Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. “Uzbegim otlari” atçylyk hojalygyna degişli bedewiň seýsi H.Hamitow we çapyksuwary Z.Kulmatow Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny — döwrebap ýeňil awtoulagyň açaryny uly buýsanç hem-de hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler.
Ajaýyp ýeňşi bilen behişdi türkmen bedewleriniň şöhratyny dowamata ataran Dowamat atly bedewiň ezber çapyksuwaryna we seýsine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kuboklar, Hormat hatlary gowşuryldy. Ezber çapyksuwar P.Orazow we Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradow halkara baýragy uly şatlyk bilen kabul etdiler.
Ýeňijiler iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, ugurdaş edaralaryň hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýakyndan ýardam edip, dost-doganlygyň berkidilmegine berýän ünsi üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Behişdi ahalteke atlarynyň “Aziýanyň çempiony” diýen belent ada mynasyp bolmagy iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm taryhy waka boldy. Munuň özi dost-doganlygyň ilçisi hökmünde ahalteke atlarynyň şöhratyna şan goşýar.
Halkara bäsleşik Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
***
9-njy maýda Özbegistan Respublikasynda «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. 22-nji gezek geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi dünýäde atçylyk däplerini ösdürmekde, bedewleriň şöhratyny artdyrmakda, olary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplanan halkara tejribeleri kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Halkara gözellik bäsleşigi iki, üç, dört, altyýaşar we şondan uly atlaryň we gysraklaryň, birýaşar taýlaryň arasynda aýratynlykda geçirildi. Soňra syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler ýaş derejesi boýunça toparlaýyn çykaryldy.
Ilki bilen, ikiýaşar ahalteke bedewleri gözellik meýdançasyna çykaryldy.
Eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi esasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen aty ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony hökmünde yglan edildi. Ýeňiji bolan türkmen bedewine uly ruhubelentlik bilen “Dünýäniň çempiony” we “Gündogaryň merjeni” diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy. Gadymygala we Fartuna diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli Meledagyň seýsi R.Dowadowa gözellik bäsleşiginiň çempionynyň kubogy, Hormat haty, gymmat bahaly sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Manoli-Hon, Täjigistandan gatnaşan Raýd atly bedewler ýeňiji bolmagy başardy. Üçýaşar atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Zamin-Hon diýen bedew ýeňiji bolmagy başardy. Baýrakly ikinji orna bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at, üçünji orna bolsa Özbegistandan Murod-Hon diýen at mynasyp boldy.
Dörtýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde B.Ibodullaýewiň hojalygyna degişli Melikuş-Hon atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji baýrakly orna A.Muhamedowyň hojalygyna degişli Sanat-Hon atly bedew mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Sahabatly diýen bedewi bolsa baýrakly üçünji orundan paýly boldy.
Alty we şondan uly ýaşar atlaryň gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Dünýäniň çempiony” diýen ada eýe boldy. Munuň özi ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginde ýurdumyzyň behişdi bedewleriniň mynasyp bolan sylaglarynyň üstüni ýetirdi. Aýgytly atly bedewe “Gündogaryň merjeni” we “Dünýäniň çempiony” diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy. Ariý we Altynbaş diýen atlaryň nesli bolan bu bedew meşhur Skakyň ugruna degişlidir. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy Kakamyrat Agamyradowdyr. Bu bäsleşikde ikinji orna Özbegistandan Dias-Hon, üçünji baýrakly orna bolsa Gurman atly bedewler mynasyp boldy.
Bäsleşikde behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy dünýäniň ahalteke atşynaslygynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldylar. Synlaýyş meýdançasynda türkmen bedewleriniň tyllaýy reňki hemmeleri haýrana goýdy. Ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren bu täsin gymmatlygyna berilýän ýokary bahanyň nyşany boldy. Soňra gözellik boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň arasyndan absolýut çempiony saýlamak tapgyry geçirildi.
Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Gündogaryň merjeni” atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýsine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat haty gowşuryldy.
Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.
Baş baýraklary uly hormat bilen kabul eden seýisler gözelligi bilen dünýäni haýrana goýan bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
PDF









