Daşkentde «Gündogaryň merjeni» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

3

8-nji maýda Daşkent şäherindäki “Yangi Toshkent Conference Hall” merkezinde “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewi ähli döwürde hem döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde ahalteke atlarynyň gözelligi zergärçilik, heýkeltaraşlyk we beýleki sungat eserlerinde möhüm orny eýeleýär. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar.
Bu maslahat milli gymmatlyklarymyzyň ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek üçin wajyp binýat bolup hyzmat edýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Ol diňe bir Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralaryndan däl, eýsem, beýleki ýurtlardan hem atşynaslary, seçgiçi alymlary, diplomatlary bir ýere jemledi. Foruma Özbegistanda bilim alýan türkmen ýaşlary we watandaşlarymyz hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, ýurdumyzyň Özbegistandaky ilçihanasynyň, dostlukly ýurduň Sport ministrliginiň ýolbaşçylary gutlag sözleri bilen çykyş edip, ýygnananlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bagyşlanyp, Daşkent şäherinde halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, taryhyň dowamynda atlar sebitiň halklarynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bedew halkyň kyn gününde wepaly ýoldaşy, şat gününde uçar ganaty hasaplanypdyr.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda ahalteke atlarynyň geçen şöhratly ýoly barada gyzykly çykyşlar diňlenildi. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini, zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda yhlasyny we zähmetini siňdirip, dünýä medeniýetine gaýtalanmajak gymmatlygy bagyş edipdirler. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary behişdi bedewleriň dünýäniň medeni mirasynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Maslahatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Özbegistan Respublikasyndan bolan agzalary çykyş etdiler. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlar hem bar. Olaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda atçylyk pudagynda üstünlikli iş alyp barmak üçin Arkadag şäherinde döredilen mümkinçiliklere aýratyn ünsi çekdiler. Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenleriň täze nesli taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Olarda pudak üçin ýokary derejeli işgärleri, atçylyk sporty we syýahatçylyk, sirk sungaty we seçgiçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda ähli mümkinçilikler bar. Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýäde wagyz etmekden ybaratdyr. Şeýle-de Arkadag şäherinde ýaşaýjylaryň we şäheriň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hereket edýändigi aýdyldy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşan atçylyk pudagynyň hünärmenleri ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, tohum arassalygyny goramakda, iýmitlendirmekde ulanýan döwrebap usullary we iş tejribeleri barada hem giňişleýin gürrüň berdiler. Munuň özi çäräniň ylmy-amaly ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistanda mähirli kabul edilendikleri we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň şygary hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy işlenip düzüldi. Oňa laýyklykda, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Doganlyk Özbegistanda geçirilýän atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, halkara maslahatyň şol çäreleriň esasylarynyň biri hökmünde döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek iri halkara çärelere gatnaşmaga dostlukly döwletiň ugurdaş wekillerini uly hormat bilen çagyrdylar.
Duşuşyklaryň dowamynda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy.
Duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşanyna öwrülen ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde tejribeleri alyşmagyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda bilelikdäki çäreleriň geljek ýyllarda hem yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.