“Barselona” “El Klasikoda” çempionlygyny baýram etdi

3

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” çempion El Klasikoda belli boldy. 35-nji tapgyryň çäginde geçirilen “La Ligadaky” 192-nji “El Klasikoda” “Barselona” topary öz meýdançasynda “Real Madridi” 1-nji ýarymdaky Markus Reşfordyň (8) hem-de Ferran Torresiň (18) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu ýeňişden soň utugyny 91-e çykaran “Barselona” topary madridlilerden möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, 14 utuk öňe saýlandy we çempionlygyny yglan etdi. Bassyr 2-nji, umumylykda 29-njy çempionlygyny gazanan “Barselona” bu görkeziji boýunça “Real Madride” (36 çempionlyk) ýene bir ädim golaýlady. Duşuşykdan öň kakasynyň aýrylandygynyň habaryny alan “Barselonanyň” tälimçisi Hansi Flik “Bundesligadan” soň “La Ligada” hem yzly-yzlyna 2-nji çempionlygyny gazandy.

35-nji tapgyryň netijeleri:

Lewante – Osasuna: 3-2,

Elçe – Alawes: 1-1

Sewilýa – Espanýol: 2-1

Atletiko – Selta: 0-1

Real Sosiedad – Betis: 2-2

Malýorka – Wilýarreal: 1-1

Atletik – Wilýarreal: 0-1

Owiedo – Hetafe: 0-0

Barselona – Real Madrid: 2-0

Raýo Wallekano – Žirona (şu gije)