Tramp 13 – 15-nji maýda Hytaýda bolar

6

Hytaýyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 13–15-nji maý aralygynda döwlet sapary bilen ýurda geljekdigini resmi tassyklady.
“Başlyk Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp Hytaýa 13-nji we 15-nji maý aralygynda döwlet saparyny amala aşyrar” diýlip, HHR-iň daşary syýasat edarasynyň beýanatyna salgylanýan “Xinhua” agentligi habar berdi.
“Öň amerikan tarapy Trampyň Hytaýa saparynyň 14-15-nji maýa meýilleşdirilendigini habar beripdi. Bu ABŞ-nyň häzirki döwlet Baştutanynyň 2017-nji ýyldan bäri birinji sapary bolar.