Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi dowam edýän energiýa krizisi bilen baglylykda, ýurduň raýatlaryny daşary ýurtlara sapardan ýüz öwürmäge, ýangyjy tygşytlamaga hem-de altyn satyn almazlyga çagyrdy. Bu barada “News4Nation” neşiri habar berdi.
Hökümet başlygynyň sözlerine görä, häzirki halkara ýagdaýy her bir raýatdan ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Modi watansöýüjiligiň diňe döwlete gulluk etmekde däl-de, kyn döwürde gorlary akylly-paýhasly peýdalanmakda hem ýüze çykýandygy nygtady. Ol daşyndan getirilýän nebit önümlerini ýurduň pul ätiýaçlyk gorlaryny tygşytlamak üçin diňe zerur halatlarda ulanmak gerekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Premýer-ministr energiýanyň sarp edilişini azaltmakda zerur çäreleriň hatarynda daşary ýurda saparlary çäklendirip, içerki syýahatçylygy, jemgyýetçilik ulaglaryny, karpuling hyzmatyny we demir ýol gatnawlaryny ösdürmegi, elektrik ulaglarynyň peýdalanylyşyny giňeltmegi, şeýle hem uzak aralykdan işlemek düzgünine geçmegi görkezdi. Modiniň beýan eden çäreleriniň hatarynda raýatlara toý dabaralaryny daşary ýurtlarda geçirmekden hem-de bir ýyllap altyn satyn almakdan saklanmak hem bar. Ol Gün energetikasyna geçmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Habarda şeýle hem Narendra Modiniň Hökümete “Atmanirbhar Bharat” («Özüni üpjün edýän Hindistan») atly ýurdy ösdürmegiň milli strategiýasyna gaýtadan seretmek barada görkezme berendigi aýdylýar.
PDF









