Müsüriň Ismailiýa şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn medal gazanyp, dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça Hytaýdan we Ermenistandan gelen bäsdeşlerinden öňe geçip, jemi 10 türgenden üstün çykdy.
Anamjan silterläp götermekde 107 kilogram we 110 kilogram agramyň hötdesinden gelip, dördünji netijäni görkezdi hem-de birinji orunda barýan müsürli Rahma Ahmed Elsaýedden 4 kilogram yza galdy.
Itekläp götermekde Müsüriň wekili 131 kilogram agramda berlen üç synanyşygyny hem netijeli ulanyp bilmedi. Şeýlelikde, Anamjan Rustamowa Ermenistandan Ýewropanyň hem-de 2024-nji ýylyň dünýä çempiony Emma Pogosýanyň we hytaýly Sýu Linýueniň arasynda dünýä çempiony diýen ady almak ugrundaky esasy göreş geçdi.
Anamjan itekläp götermekde birinji synanyşygynda 141 kilogram agramy ynamly göterdi, emma ikinji synanyşygynda 145 kilogram agramy saklap bilmedi.
Hytaýly türgen bolsa, üç synanyşygyny hem (135, 142 we 146 kilogram) netijeli tamamlady. Jemi 256 kilogram netije bilen Sýu Linýue birinji orna geçdi. Emma Pogosýan hem ilkinji iki synanyşygynda 137 we 144 kilogram agramy göterip, iň ýokary baýrak ugrundaky bäsleşige goşuldy.
145 kilogram agramdaky şowsuz synanyşykdan soň, biziň türgenimiziň tälimçileri hytaýly türgenden 1 kilogram öňe saýlanmak üçin töwekgelçilik etdiler we 147 kilogram agramy sargyt etdiler. A.Rustamowa hakyky edermenlik görkezip, 147 kilogram agramy itekläp göterdi we jemi 257 kilogram netije bilen birinji orna çykdy.
Iň soňundan Emma Pogosýan çykdy. Türkmen türgeninden öňe saýlanmak üçin ermenistanly türgen 149 kilogram agramy götermäge synanyşdy. Ýöne ol bu agramy göterip bilmedi. Netijede Emma Pogosýan 253 kilogram (109 + 144 kilogram) bilen üçünji boldy. Hytaýly Sýu Linýue 256 kilogram (110 + 146 kilogram) bilen ikinji orny eýeledi. Netijede, dünýä çempiony diýen ada bolsa 257 kilogram (110 + 147 kilogram) netije bilen Anamjan Rustamowa mynasyp boldy.
Anamjan 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 81 kilogram agramda silterläp götermekde (103 kilogram) diňe bir bürünç medal gazanypdy. Geçen ýyl bolsa Perunyň Lima şäherinde 87 kilogram agramda ilkinji gezek dünýä çempiony bolupdy. Indi bolsa ol ikinji gezek – iteklemekde we iki görnüşiň jeminde altyn medallary gazandy.
Anamjan Rustamowa agyr atletika bilen Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky (häzirki Garaşsyzlyk) etrabynda ilkinji tälimçisi Deripbaý Kerimbaýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol paýtagtymyzda, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda öz ussatlygyny kämilleşdirýär.
PDF









