XIX Çehow kitap festiwaly geçiriler

2

15-nji maýda Russiýanyň Taganrog şäherinde XIX Çehow kitap festiwaly öz işine başlaýar we ol 17-nji maýa çenli dowam eder. Medeni forumyň myhmanlaryna meşhur ýazyjylar we kitap senagatynyň bilermenleri bilen gyzykly duşuşyklar garaşýar. Çäre şäheriň 30 meýdançasynda geçiriler. Festiwalyň maksatnamasyna kitaplaryň tanyşdyryşlary, döredijilik ussatlyk sapaklary, leksiýalar, konsertler, sergiler we giň gerimli kitap ýarmarkasy girizildi.
Däp bolşy ýaly, festiwalyň her güni aýratyn mowzuga bagyşlanar. Şunlukda, 15-nji maýda nesilleri birleşdirýän, däp-dessurlary kemala getirýän we “bilelikde okamagyň şatlygyny peşgeş berýän” kitaplara gönükdirilen Maşgala okalyşy güni bolar. 16-njy maýda Biograf güni geçiriler. Onuň üns merkezinde görnükli şahsyýetleriň ykbaly, ynsanyň ömür ýoly barada gürrüň bermek we ýatlamalary söz arkaly saklap galmak sungaty durar. 17-nji maýda bolsa Internetiň dörän güni belleniler. Ol awtorlar bilen geçirilýän däp bolan duşuşyklary we döwrebap sanly formatlary birleşdirer.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, XIX Çehow kitap festiwaly duşuşyklaryň, ylhamyň we täze açyşlaryň meýdançasyna öwrüler. Bu ýerde çagalar edebiýatyndan başlap, saldamly kyssa eserlerine çenli, awtorlar bilen göni aragatnaşykdan aktual medeni mowzuklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna çenli her bir adam özüne ýakyn zatlary tapyp biler.