Fransiýa Afrikanyň medeni gymmatlyklaryny yzyna gaýtaryp berýär

2

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 11-12-nji maýda Keniýanyň Naýrobi şäherinde geçirilýän “Afrika öňe” sammitiniň dowamynda kolonial döwürde Afrikadan alnyp gaýdylan medeni gymmatlyklary yzyna gaýtarmak işini resmi taýdan berkitdi. Şu maksat bilen, 7-nji maýda Fransiýanyň parlamenti tarapyndan biragyzdan kabul edilen çarçuwaly kanun tassyklanyldy. Täze kanunçylyk resminamasy milli gymmatlyklaryň “eldegirilmesizligi” hakyndaky öňki kadalardan sowlup geçmäge we her bir eksponat üçin aýratyn kanun kabul etmezden, ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda eýeçilik hukugyny gysga wagtda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç Fransiýa bilen Afrika yklymynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze tapgyryna öwrüldi.
Prezident Makron bu ädimi bilen 2017-nji ýylda beren wadasyny, ýagny, afrikan halklarynyň mirasyny yzyna gaýtarmak baradaky borçnamasyny durmuşa geçirýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda birnäçe möhüm işler amala aşyryldy. Hususan-da, 2019-njy ýylda El-Haj Omaruň gylyjy Senegala berildi, 2021-nji ýylda bolsa Abomeý şalygynyň köşklerinden alnyp gaýdylan 26 sany sungat eseri Benine gowşuryldy. Şeýle hem, 2026-njy ýylyň fewralynda Kot-d’Iwuaryň “gepleýän barabany” bolan Jiji Aýokwe öz taryhy watanyna gaýtaryldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, kabul edilen täze kanun öňki çylşyrymly düzgünleri ýönekeýleşdirip, geljekde hem hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün eder. Fransiýanyň döwlet Baştutany öz wezipesiniň möhlediniň tamamlanmagyna bir ýyl galan hem bolsa, bu ugurdaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini we afrikan mirasynyň yklyma dolanmagyny goldajakdygyny nygtady. Bu täze hukuk ulgamy diňe bir taryhy adalatlylygy dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap binýadyny kemala getirýär.