Näme üçin çybynlar diňe belli bir adamlary çakýarlar?

4

Sizde haçan-da bolsa bir wagt çybynlaryň beýleki adamlary däl-de, diňe sizi “nyşana alýandygy” ýaly duýgy döredimi? Alymlar bu kesel göteriji mör-möjekler üçin käbir adamlaryň näme sebäpden has özüne çekiji bolup görünýändigini anyklamak üçin olaryň çylşyrymly himiki düzümini öwrenmekde uly öňegidişlikler gazanýarlar.
Çybynlar bir adamy beýlekisinden saýlap alanlarynda, birnäçe duýgy signallaryna, esasan hem, bedenimizden bölünip çykýan ysa, ýylylyga we dem alanymyzda çykarýan kömürturşy gaza esaslanýarlar.
Diňe urkaçy çybynlar adamlary çakýarlar. Olar signallary örän duýgur reseptorlarynyň kömegi bilen anyklaýarlar we soňra öz nyşanasyny saýlaýarlar. Şwed alymy Rikard Ignelliň bellemegine görä, çybynlaryň biziň çykarýan kömürturşy gazymyza tarap uçýandygy, eýýäm, 100 ýyldan gowrak wagtdan bäri mälimdir.
Bu gazlar çybynlar onlarça metr uzaklykda bolanlarynda olaryň hereketini işjeňleşdirýän ilkinji signaldyr. Takmynan, 10 metr aralykdan başlap, çybynlar biziň ysymyzy alyp başlaýarlar we kömürturşy gazy bilen utgaşykda bu ys olary has-da güýçli özüne çekýär. Olar has golaýlaşanlarynda bolsa, beden gyzgynlygy we çyglylyk käbir adamlaryň has özüne çekiji bolmagyna sebäp bolýar.
Emma bu mesele bilen bagly käbir meşhur garaýyşlar ylmy taýdan tassyklanmaýar. Meselem, çybynlaryň ganyň belli bir toparlaryny saýlaýandygy baradaky çaklamanyň ylmy esasy ýokdur. Şeýle-de, bu ýagdaýyň adamyň derisiniň, gözüniň ýa-da saçynyň reňki bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Muňa derek, ysyň orny örän uludyr.
Birnäçe barlaglaryň netijelerine görä, piwo içmek hem çybynlary özüne çekmek bilen baglanyşyklydyr, sebäbi ol beden gyzgynlygyny ýokarlandyrýar, çykarylýan kömürturşy gazynyň mukdaryny artdyrýar we deriniň ysyny üýtgedýär. Çybyn çakmagyndan goranmak üçin bolsa, bedeni ýapýan giň eşikleri geýmeli, moskit torlaryny we mör-möjeklerden goraýjy serişdeleri (repellentleri) ulanmaly.