Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekine döwlet sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Hytaýyň Lideri iki döwletiň bähbitlerine hyzmat edýän durnukly gatnaşyklaryň dünýäniň parahatçylygy üçin nusgalykdygyny belläp, taraplaryň bäsdeş däl-de, hyzmatdaş bolmalydygyny nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda halkara we sebit häsiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Donald Tramp öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljegine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ygrarlydyklaryny aýtdy. Gepleşikleriň ykdysady böleginde taraplar söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň we awiasiýa tehnikalarynyň söwdasyny giňeltmek baradaky meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem dünýä bazaryndaky energetika meseleleri maslahatlaşyldy.
Pekiniň Halk maslahatlarynyň binasynda guralan dabaraly kabul edişlikde iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçdiler. ABŞ-nyň Prezidentiniň ýanynda döwlet wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň iri tehnologiýa we maliýe guramalarynyň, şol sanda “Nvidia”, “Tesla”, “Apple”, “Meta”, “Visa” we “JPMorgan Chase” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar. Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde belent mertebeli myhman Hytaýyň taryhy mirasy bolan “Asman ybadathanasyna” baryp gördi. Sapar dowam edýär.
PDF









