Günorta Koreýanyň görnükli ýazyjy zenany Pak Kýon-Riniň (1926-2008) Sank-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň çägindäki häzirki zaman heýkeltaraşlyk seýilgähinde ilkinji ýadygärligi açyldy. Açylyş dabarasyna ýazyjynyň ýeke-täk gyzy gatnaşdy. Dabara tamamlanandan soňra Russiýanyň medeniýet ministri Wladimir Medinski:
– Bu Koreýanyň çäklerinden daşarda Pak Kýon Riniň hormatyna açylan ilkinji ýadygärlikdir. Şonuň üçin bu, hakykatdan hem, uly wakadyr. Ol Koreýanyň örän meşhur ýazyjysy, ýurdunyň taryhy barada birnäçe täsin rowaýatlaryň awtorydyr – diýip, žurnalistlere beren gürrüňinde aýtdy.
Bu ýadygärlik Koreýanyň Seul Milli uniwersitetiniň professory heýkeltaraş Kwon Te Hun tarapyndan bina edildi. Pak Kýon-Riniň heýkeli bürünçden ýasalyp, ýadygärligiň ýüzünde onuň “Näme üçindir şatlyk hem gaýgy bize şeýle bir çuňňur täsir edýär” diýen ýazgylary haşamlanypdyr. Onuň birnäçe bölümden ybarat “Zemin” roman-epopeýasy esasy eserleriniň biri bolup, Koreýanyň taryhynyň belli-belli döwürlerini öz içine alýar. Awtor koreý edebiýatynyň XX ýüzýyllygynyň giň gerimli eserlerini döretmegiň üstünde 25 ýyl zähmet çekýär. Ýazyjy jemi 20-den gowrak romandyr powesti, şeýle hem 3 sany şahyrana ýygyndysyny döredýär.
Koreýanyň medeniýet, sport we syýahatçylyk ministri Li Çon Hwan ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol ”Edil Russiýada Puşkine milli şahyr hökmünde hormat goýluşy ýaly, Koreýada hem okyjylar Pak Kýon-Rini özleriniň mugallymy hökmünde hormat goýýarlar. Men muňa buýsanýaryn” diýip belledi.