Uilýam Katber Folkner 1897-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Missisipi ştatynyň Nýu-Olbani şäherinde uniwersitet müdiriniň maşgalasynda dünýä inýär. Oglanjyk orta mekdebi tamamlap, 17 ýaşy dolanda bankda işe durýar. Emma ýaş ýigit çagalygyndan goşgy goşmak we surat çekmek bilen gyzyklanýar.
Ikinji jahan urşy başlandan soň Folkner goşun gullugyna gidýär, ýöne ony boýy kelteligi (1,66 m) sebäpli gulluga almaýarlar. Muňa garamazdan, ol 1918-nji ýylda Kanadanyň Toronto şäherindäki harby mekdebine girip, uçarman bolýar. Ýöne harby hereketlere gatnaşmaýar. Gullukdan soň, ol Oksford uniwersitetine okuwa girýär. Folkner okuwynyň gapdalyndan poçta gullukçysy bolup işleýär. Onuň “Fawnanyň gündizki ukusy” atly ilkinji şygyry 1919-njy ýylda okyjylara hödürlenýär.
1924-nji ýylda onuň “Mermer Fawn” atly goşgular ýygyndysy çykýar. Ýene-de bir ýyldan Folkner kyssa ýazmaga girişip, bahym “Esger sylagy” (1926) romanyny döretmäge girişýär. Ol 1927-nji ýylda ýaşlygyndan göwün beren gyzy Estell Oldhem Frakline öýlenýär. Folkneriň ondan bir perzendi dünýä inýär. 1927-nji ýylda ol “Çirkeý” romanyny, 1929-njy ýylda “Sartoris” we täzelikçilikli romany “Goh we gahar” romanyny neşir etdirýär. Ol 1930-31-nji ýyllarda “Ölüm ýassygynda” we “Kilise” ýaly romanlaryny döredýär.
Tankytçylaryň pikirine görä, onuň “Awgustdaky ýagtylyk” (1932) romany has şowly çykan eserleriniň biridir. 1936-njy ýylda onuň iň gowy romany hasaplanýan “Awessalom, Awessalom!”, 1938-nji ýylda bolsa, “Ýeňilmezekler” romany neşir edilýär. 1939-njy ýylda “Ýabany palmalar”, 1942-nji ýylda hem “Soýdi, Moiseý” romany çapdan çykýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 1940-njy ýyllaryň başlarynda ýazyjy “Metro-Goldwin-Meýer” kompaniýasy üçin ssenariý ýazýar. 1942-nji ýylda “Aýy” romanyny döredýär. Dünýä edebiýatynda bu Folkneriň döredijiliginiň iň gowy romanlarynyň biridir. 1948-nji ýylda onuň “Jeset” atly romany neşir edilýär.
1949-njy ýylda ol “Häzirki zaman amerikan romanynyň ösüşinde özboluşly goşandy” üçin Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Uilýam Folkneriň soňky ýyllardaky döredijiligine “Şäher” (1957), “Jaý” (1959) we “Talaýjylar” (1962) ýaly eserleri girýär. Ýazyjy 1962-nji ýylyň 6-njy iýulynda aradan çykýar.