Halkara sport çäresi we syýahatçylyk pudagynyň görkezijileri

2

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty myhmanhanalardaky sargytlaryň sanynyň adatdakysyndan pes bolmagyna getirdi we bu ýagdaý pudagyň wekilleri tarapyndan pes görkeziji hökmünde häsiýetlendirilýär. Amerikanyň oteller we myhmanhanalar assosiasiýasynyň (AHLA) geçiren barlaglaryna görä, futbol ýaryşyny kabul edýän şäherlerdäki on myhmanhanadan sekizisinde sargytlaryň möçberi adatdaky tomus möwsümindäki görkezijilerden hem pes boldy. Hünärmenleriň pikirine görä, dünýä birinjiligine bolan islegiň pes bolmagyna petekleriň aşa gymmatlygy hem-de halkara giňişligindäki käbir durnuksyz ýagdaýlar esasy sebäp boldy.
Pudagyň bilermenleri petek nyrhlarynyň çakdan aşa ýokarydygyny belleýärler. Mysal üçin, 2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň iň gymmat resmi petegi, takmynan, 1600 amerikan dollaryna barabar bolan bolsa, şu ýyl «MetLife» stadionynda geçiriljek final oýnunyň iň ýokary resmi bahasy 11 müň amerikan dollaryna ýetdi. Şonuň ýaly-da, käbir ugurdaş bazarlarda petekleriň bahasy has hem ýokary nyrhlardan hödürlenilýär. Mundan başga-da, wiza amallaryndaky käbir talaplar janköýerleriň syýahat meýilnamalaryna öz täsirini ýetirdi. Myhmanhana eýeleri baha syýasatynda ýokary girdeji gazanmak umydy bilen nyrhlary birden galdyrandygyny, emma häzirki wagtda, meselem, ilkinji duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan Mehiko şäherindäki myhmanhanalaryň ortaça 30-36 göteriminiň dolandygyny we bu meýilnamalaryň garaşylýan ykdysady netijeleri bermändigini mälim edýärler.