Arheologik tapyndylar täze maglumatlary ýüze çykarýar

4

Gadymy Pompei şäherinde hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlaglaryň barşynda, wezera wulkanynyň weýrançylygynda wepat bolan adamlaryň biriniň lukman bolandygy anyklandy. Pompei arheologik parkynyň hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalary, şol sanda kompýuter tomografiýasyny we emeli aň ulgamlaryny ulanmagy netijesinde, mundan altmyş ýyl ozal tapylan gips galybynyň içindäki lukmançylyk gurallaryny zeper ýetirmezden anyklamak başartdy. Bu gymmatly maglumatlar arheologlaryň, antropologlaryň, dikeldijileriň we beýleki degişli hünärmenleriň bilelikdäki işleriniň netijesinde mälim edildi.
Barlaglaryň barşynda lukmançylyk gutusynyň içinde skalpelleriň, hirurgik gurallaryň hem-de ýazgy tagtajygynyň bolandygy anyklanyp, olar gadymy döwrüň saglygy goraýyş ulgamy baradaky ylmy düşünjeleri has-da baýlaşdyrýar. Şeýle hem tapyndynyň ýanyndan bürünç we kümüş şaýy pullary bolan haltajyk tapyldy. Alymlaryň bellemegine görä, bu waka öz hünärine we ynsan saglygyna aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşen taryhy şahsyýetleriň nusgalyk göreldesini ýene-de bir gezek subut edýär. Döwrebap sanly modelirleme we anyklaýyş usullary taryhy tapyndylaryň bitewüligini gorap saklamak bilen birlikde, geljekde hem täze ylmy açyşlary etmäge giň mümkinçilikleri açýar.