Şwe­si­ýa­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­si ba­bat­da 2030-njy ýy­la çen­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li mak­sat­na­ma şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ti­ler. Mu­nuň üçin ýurt­da gur­lan ýel tur­bi­na­la­ry­nyň tä­si­ri ulu­dyr. 2012-nji ýyl­da Nor­we­gi­ýa bi­len Şwe­si­ýa ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän gör­nüş­le­rin­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­ny 2020-nji ýy­la çen­li sa­gat­da 28,4 te­ra­wat­a çy­kar­mak üçin şert­na­ma gol çe­kip­di­. Soň­ra Şwe­si­ýa mak­sat­na­ma­da göz öňünde tutulan mykdary 2030-njy ýyl­ üçin 18 TW/s-a ýetirdi. Bar bo­lan ýel tur­bi­na­la­ry we şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­jak tur­bi­na­lar göz öňün­de tu­tu­lan­da, 2030-njy ýyl üçin göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­na­ma ýe­ti­ler. 2018-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ýurt­da he­re­ket ed­ýän ýel tur­bi­na­la­ry­nyň sa­ny 3 müň 681-e ýe­ter. Ýur­duň Ener­gi­ýa agent­li­gi­niň bi­ler­me­ni Mar­kus Se­lin al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak ba­bat­da ne­ti­jä gel­nen­den soň­ra, tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy­ny we geljek ýyl­lar­da ýel tur­bi­na­la­ry­nyň birnäçesiniň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ol hä­zir­ki wagt­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 15,2 TW/s bol­jak tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

2040-njy ýyl­da do­lu­ly­gy­na ge­çi­ler

Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li ener­gi­ýa­nyň 50 %-i aras­sa çeş­me­ler­den al­nar. 2040-njy ýy­la çen­li bol­sa, ýurt­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa do­lu­ly­gy­na aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün edi­ler. 2045-nji ýy­la çen­li ýurt­da ho­wa goý­be­ril­ýän ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň muk­da­ry­ny no­la dü­şür­mek mak­sat edi­nil­ýär.
2015-nji ýyl­da Pa­riž­de äh­li döwletleriň gol­daw ber­me­gin­de bag­la­şy­lan yla­la­şy­ga gö­rä, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň sarp ed­ýän ener­gi­ýa­sy­nyň 20 %-i aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ma­ly. Ag­za ýurt­la­ryň äh­li­si bu mak­sa­da ýet­mek üçin üs­tü­ne düş­ýän borç­na­ma­la­ry­ny wag­tyn­da ber­jaý ed­ýär.
2010-njy ýyl­dan bä­ri gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry her ýyl­da 8-9 % art­ýar. Bu ösüş ada­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň ösü­şin­den iki es­se ýo­ka­ry. Di­ňe 2017-nji ýyl­da glo­bal de­re­je­de aras­sa ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi 167 GW ar­typ­dyr. Bu gör­ke­zi­ji Bra­zi­li­ýa­nyň sarp ed­ýän ener­gi­ýa­sy­na ba­ra­bar. Aras­sa çeş­me­le­riň ara­syn­da Gün we ýel ener­gi­ýa­sy öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ugur­da Azi­ýa ýurt­la­ryn­da uly ösüş ga­za­nyl­dy. Yk­lym­da ön­dü­ri­len al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry glo­bal önüm­çi­li­giň 42 %-ini eme­le ge­tir­ýär.