Tailand 90-dan gowrak ýurt üçin 60 günlük wizasyz düzgüni ýatyrdy

2

Tailand 90-dan gowrak ýurduň raýatlary üçin 60 günlük wizasyz düzgüni ýatyrdy we öňki düzgüne – 30 gün tertibine geçdi. Bu barada ýurduň turizm we sport ministri Surasak Phançarenworakul habar berdi.
Indi wiza düzgüni boýunça geňeş howpsuzlyk we ykdysady bähbitleri nazarda tutmak bilen, her bir ýurt üçin täze ölçegleri işläp düzer. Muňa daşary ýurtly syýahatçylaryň ýerli tertip – düzgüni yzygiderli bozmaklary hem-de jenaýatçylygyň artmagy sebäp boldy. Tailandda ýurtlaryň 93-si üçin 60 günlük wizasyz düzgün 2024-nji ýyldan bäri hereket edýärdi.