Geçen günde irden Kami Rita Şerpa Ewerestiň depesine 32-nji gezek çykyp, rekord goýdy. 55 ýaşly Kami Rita 16-njy maý agşamy Günorta Koldan çykyp başlady. Nepal syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä, ol ertesi gün irden sagat 10:12-de Ewerestiň depesine (8848,86) ýetdi. Bu möwsümde ol Ewereste “14 Peaks Expedition” toparynyň düzümine çykdy. Ol öňki çykyşlarynda bolşy ýaly, daşary ýurtly müşderisine ýol görkezijilik etmedi. “Bu meniň Eweresti eýelemek üçin 32-nji synanyşygymyň başlangyjy – tejribe, yhlas we daglaryň ruhuna esaslanýan syýahat” diýip, möwsümiň başynda Ewereste ýola düşen Kami Rita ýazdy. Şeýle hem, ol munuň Ewereste soňky çykyşynyň bolmagynyň mümkindigini belledi. Kami Rita 55 ýaşyndadygyny belläp, 2026-njy ýylda alpinizmden çekilmegi we geljekde pyýada gezelenç etmek we beýleki açyk howa çäreleri bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär.
1970-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Solukhumbu sebitiniň Thame obasynda doglan Kami Rita Ewereste ilkinji gezek 1994-nji ýylda çykdy. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu depä iň köp çykan adam hökmünde rekordyny saklaýar. 30 ýyldan gowrak karýerasynyň dowamynda ol Ço Oýuga 8 gezek, Manasluga 5 gezek, K2-ä we Lhotsä daglaryna bolsa 1 gezek çykdy. 2025-nji ýylda ol Ginnesiň rekordlar kitabyna 8 müň metrden belent daglara iň köp çykan adam hökmünde girmegi başardy.
Kami Rita şu möwsümde Ewerestde 33-nji synanyşygyny hem synap görmekçi.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









