20-nji maýda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň agzasy, Şagyzy Takamado bilen duşuşygy geçirildi.
Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler, şeýle hem adaty medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy Şagyzy Takamado halkara dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, medeni dialogy giňeltmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen özara hormat goýmaga, ýapon halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, öňdebaryjy tehnologik ösüşe hem-de ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky bilelikdäki ymtylyşlara esaslanýan strategik we dostlukly gepleşikleri yzygiderli pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen geçiren we ýokary derejedäki döwletara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi beren iki sany duşuşygynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Ynsanperwer özara hereketleriň çäklerinde diplomat Şagyzy Takamado Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işleri barada maglumat berdi we Türkmenistanyň belent ynsanperwer ýörelgelerine hem-de ýaş nesil baradaky alada ygrarlydygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, sport, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl» energetikanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ilerletmek ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösdürmäge özara taýýarlyklaryny bildirdiler.
PDF









