Şu ýylyň dowamynda bütin dünýäde satyljak täze ulaglaryň ondan üçüsiniň elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar bolmagyna garaşylýar. Ýylyň dowamynda jemi 23 million elektroulag öndüriler.
Halkara Energiýa Agentligi (IEA) elektroulaglar we olaryň zarýad beriş infrastrukturasyna degişli täze maglumat ýaýratdy. Geçen ýyl dünýäde elektroulag satuwy 20 göterim ýokarlanyp, 20 milliondan geçipdir. Şeýlelikde, satylan ulaglaryň 25 göterimi, ýagny dörtden biri elektroulaglar bolupdyr. Hytaý geçen ýyl satylan elektroulaglaryň 60 göterimini öndüripdir. Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň awtoulag kärhanalary bolsa ýerlenen elektroulaglaryň 15 göterimini öndüripdir. Ýylyň birinji çärýeginde elektroulag satuwy Ýewropada 30%, Hytaýy hasaba almanyňda Aziýada 80% we Latyn Amerikasynda 75% ýokarlanypdyr.
Häzirki wagtda dünýä ýollarynda 80 million töweregi elektroulag bar. 2035-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 510 milliona ýetmegine garaşylýar.
Didar Gurbanmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









