Özbegistan sebitiň esasy IT-merkezi bolar

8

Özbegistan Respublikasy infrastruktura ulgamyny ösdürmek, telekeçiligi goldamak we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly Merkezi Aziýanyň esasy IT-merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatow Samarkant şäherinde geçirilen «M360 Eurasia 2026» halkara forumynda çykyş edende mälim etdi. Ş. Şermatowyň bellemegine görä, döwlet tarapyndan IT-kompaniýalary çekmek üçin salgyt ýeňillikleri döredilýär we işewürligi düzgünleşdirmegiň täze ulgamy taýýarlanýar. Dünýä bankynyň «GovTech Maturity Index» reýtinginde 9-njy orny eýeleýän Özbegistanda häzirki wagtda býurokratik bökdençlikleri aradan aýyrmaga we dolandyryş amallaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen strategiýa işjeň amala aşyrylýar. Mundan başga-da, ýurtda bilim ulgamyna, aýratyn-da, «5 million AI-lideri» maksatnamasyna uly üns berlip, onuň çäklerinde, eýýäm, 1 milliondan gowrak ýaş hünärmen okadyldy. Ýurduň telekommunikasiýa bazary bolsa bir ýylyň içinde 18,3 göterim ösüş görkezip, 24,9 trillion suma (takmynan, 2,06 milliard ABŞ dollaryna) deň boldy.