Portugaliýanyň Kubogy ýaryşynda garaşylmadyk topar ýeňiji boldy. Oeiraş şäherinde oýnalan finalda 2-nji liganyň wekili “Torreense” topary “Sporting” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Torreense” Zohiniň 4-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. “Sporting” 50 minutdan soň Luiz Suaresiň goly bilen hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda, has takygy, 112-nji minutda Stopiranyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen “Torreense” 2-nji gezek öňe saýlandy. Ýöne lissabonlylar bu gezek jogap berip ýetişmediler. Şunlukda, şu wagta çenli bary-ýogy 6 möwsüm ýokary ligada çykyş eden (soňky gezek 1991/92 möwsüminde) “Torreense” topary 109 ýyllyk taryhynda ilkinji sapar Portugaliýanyň Kubogyna mynasyp boldy.
PDF









