Soňky çempion Argentinanyň gutarnykly düzümi mälim edildi

7

Dünýä Kubogynyň soňky çempiony Argentinanyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümini tälimçi Lionel Skaloni mälim etdi. Maý aýynyň başlarynda 55 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümden Ezekiel Palasios, Nikolas Dominges, “Aston Willanyň” Ýewropa Ligasynda ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnan Emiliano Buendia, şol sanda Alehandro Garnaço, Franko Mastantuono, Matias Sule ýaly ýaş futbolçylary çykardy.

Super ýyldyz Lionel Messiniň kapitanlyk etmeginde Argentinanyň milli ýygyndysy “J” toparçada Alžiriň, Awstriýanyň hem-de Iordaniýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER
Emiliano Martines (Aston Willa)
Heronimo Rulli (Marsel)
Huan Musso (Atletiko Madrid)

GORAGÇYLAR
Nikolas Otamendi (Benfika)
Nikolas Taliafiko (Lion)
Nahuel Molina (Atletiko Madrid)
Kristian Romero (Tottenham)
Gonzalo Montiel (Riwer Pleýt)
Lisandro Martines (Mançester Ýunaýted)
Leonardo Balerdi (Marsel)
Fakundo Medina (Marsel)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Rodrigo de Paul (Inter Maýami)
Leandro Parades (Boka Huniors)
Jowani del Selso (Betis)
Aleksis Mak Allister (Liwerpul)
Enzo Fernandes (Çelsi)
Ezekiel Palasios (Baýer)
Tiago Almada (Atletiko Madrid)
Juliano Simeone (Atletiko Madrid)
Niko Paz (Komo)
Walentin Barko (Strasbur)

HÜJÜMÇILER
Lionel Messi (Inter Maýami)
Lautaro Martines (Inter)
Hulian Alwares (Atletiko Madrid)
Nikolas Gonzales (Atletiko Madrid)
Hose Manuel Lopez (Palmeiras)