Edinburg şäherinde meşhur jadygöý oglanjyk Garri Potter baradaky romanyň ilkinji neşiri tapyldy, ol jaýyň üçeginde 30 ýyllap tozan basyp ýatypdyr.
Žurnalist zenan Katrina MakNikol bu ýumşak jiltli kitaby 1997-nji ýylda Şotlandiýadaka satyn alypdyr. Şol wagt kitabyň bahasy 500 rubl ekeni, emma satyn alansoň, Katrinanyň ony okamaga wagty bolmandyr we guta salyp üçekde goýupdyr. Golaýda ol üçegi arassalap ýörkä kitabyň üstünden barypdyr.
Auksion öýüniň hünärmenleri kitaba oňat saklanandygy üçin ýokary baha kesdiler. Kitaby Beýik Britaniýadan hususy toplaýjy satyn alypdyr.
Katrina bu neşiriň beýleki müňlerçe kitaplarynyň arasynda bardygyny hem unudandygyny, «taryhyň kiçijik parçasynyň» hakyky muşdagyň eline düşendigine begenýändigini aýdýar diýip, “The Mirror” britan neşiri ýazýar.
PDF









