Günorta Koreýa tansçy robotlaryň dünýä çykyşlaryny guramakçy bolýar

3

Günorta Koreýanyň “Galaxy Corporation” kompaniýasy hakyky artistler bilen bilelikde robotlaryň gatnaşmagyndaky halkara konsert çykyşlaryny guramagy meýilleşdirýär. Olar sahnada K-pop toparynyň aýdym-sazlaryna goşup tans ederler. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Çhwe Ýenho metbugata habar berdi.
“Guardian” britan gazetiniň ýazmagyna görä, Seul şäheriniň “Galaxy Robot Park” seýilgähinde eýýäm adampisint robotlaryň çykyşlary yzygiderli geçirilýär. Olarda robotlar “G‑Dragon” diýen meşhur aýdymyň hem-de “Shinee” toparynyň aýdymçysy Li Theminiň ýerine ýetirýän aýdymynyň äheňine goşup tans edýärler. «Biz günde K-pop konsertleriniň üçden alta çenlisini geçirmegi meýilleşdirýäris. Ýylyň ahyrynda robotlary dünýä ýurtlarynda çykyş etmäge ugratmakçy» diýip, Çhwe Ýenho gürrüň berdi.
Öň “Galaxy Corporation” kompaniýasy wirtual görnüşli K-pop aýdym-saz toparlary we şol keşpdäki robot aýdollar bilen tomaşaçylary tanyşdyrypdy.