ÝB-niň iri ykdysadyýetleri maýa goýum bazarlaryny birleşdirmekçi

0

Ýewropa Bileleşiginiň iň iri alty ykdysadyýeti – Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Polşa we Niderlandlar (E6) maýa goýum bazarlaryny integrasiýalaşdyrmak, ýagny, Maýa goýum bazarlarynyň bileleşigini döretmek boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de degişli resmi haty Ýewropa Komissiýasyna ugratdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu başlangyç Brýusseldäki haýal gidýän kanunçylyk işlerine täze itergi bermegi we syýasy bökdençlikleri aradan aýyrmagy maksat edinýär. Ýurtlaryň bilelikdäki beýanatynda has çuňňur integrasiýalaşan maýa goýum bazarlarynyň Ýewropanyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde we barha çylşyrymlaşýan global şertlerde bäsdeşlik ukybyny saklamakda esasy şert bolup durýandygy aýratyn nygtalýar. Häzirki wagtda bu ugurdaky kanunçylyk guramanyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanyp, serhetara bökdençlikleri aradan aýyrmaga ukyplydyr.
Häzirki döwürde Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum bazarlary, esasan, agza döwletleriň içerki milli kanunçylyklary arkaly düzgünleşdirilýär, bu bolsa öz gezeginde bazaryň böleklenmegine we telekeçiler hem-de inwestorlar üçin goşmaça kynçylyklaryň döremegine getirýär. Guramanyň ýolbaşçylary bitewi maýa goýum bazaryny döretmegiň wajyplygyny yzygiderli öňe sürseler-de, agza ýurtlaryň arasynda bu integrasiýanyň nähili amala aşyryljakdygy barada häli-şindi doly agzybirlik ýok. «E6» toparynyň esasy teklipleriniň biri-de, bazary düzgünleşdirmek boýunça milli ygtyýarlyklaryň aýry-aýry böleklerini gymmatly kagyzlar we bazarlar boýunça Ýewropa müdiriýetine (ESMA) bermekden ybaratdyr. Ýöne birnäçe agza döwletleriň özbaşdak ygtyýarlyklaryny merkezi organlara bermäge gyssanmazlygy sebäpli, bu möhüm kanunçylyk prosesi häzirki wagtda durgunlyk ýagdaýynda galýar.
Bu strategik kanun taslamasyny durmuşa geçirmek we ony syýasy taýdan öňe sürmek üçin «E6» ýurtlaryna Ýewropa Bileleşiginiň ýene-de, azyndan, 9 sany agza döwletiniň goldawy zerur bolup durýar. Bileleşigiň hereket edýän içerki düzgünlerine laýyklykda, şeýle giň gerimli we sebit ähmiýetli ykdysady kanunlaryň kabul edilmegi üçin resminama tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ilatynyň, azyndan, 65 göterimine wekilçilik edýän 15 sany ýurduň razylyk bermegi we ony goldamagy talap edilýär.