«Anthropic» bazardaky ornuny berkitdi

2

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Anthropic» emeli aň kompaniýasy soňky maýa goýum tapgyrynda uly möçberli maliýe serişdelerini çekip, dünýäniň iň gymmatly startaplarynyň birine öwrüldi. «The Hill» neşiriniň habar bermegine görä, gazanylan bu üstünlik netijesinde «Anthropic» kompaniýasy özüniň esasy bäsdeşi bolan we «ChatGPT» ulgamyny işläp düzen «OpenAI» kompaniýasy bilen aradaky tapawudy ep-esli gysgaltmagy başardy. Şeýlelikde, soňky aýlarda maliýe gymmaty tas iki esse artan emeli aň öndürijisi maýa goýum möçberi boýunça tehnologiýa pudagynda öňdäki orunlaryň birini eýeledi.
Ulag we tehnologiýa pudaklarynyň halkara seljermelerine görä, häzirki wagtda emeli aň ulgamy boýunça dünýäde öňdebaryjy bolan «Anthropic» we «OpenAI» kompaniýalary 2026-njy ýylda öz gymmatly kagyzlarynyň ilkinji köpçülikleýin hödürlenmesini (IPO) amala aşyrmagy we biržada ýerleşdirmegi meýilleşdirýärler. Şol bir wagtda, häzirki zaman ýokary tehnologiýalar gurşawynyň ýene-de bir ägirdi bolan Ilon Maskyň «SpaceX» aerokosmos kompaniýasynyň hem gazna bazaryna çykmaga taýýarlanýandygy mälim edildi. Hünärmenler biržanyň taryhynda iň uly görkezijilerden birine garaşylýan «SpaceX» kompaniýasynyň bazardaky umumy gymmatynyň 1,25 trillion amerikan dollaryna ýetjekdigini çaklaýarlar.