Müsürde Afroditanyň heýkeliniň kellesi tapyldy

7

Müsüriň merkezi bölegindäki Beni-Sueýf ülkesinde arheologlar gadymy ybadathananyň galyndylaryny hem-de söýginiň we gözelligiň zenan hudaýy Afroditanyň heýkeliniň kelle bölegini tapdylar. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk we gadymy gymmatlyklar ministrliginiň habarlar gullugyna salgylanýan “MIR 24” habar berdi.
Tapyndylar antik şäher Gerakleopolyň ýerleşen Ihnasiýa-el-Madina etrabynda ele salyndy. Alymlar şeýle-de faraon Senusert III ady ýazylan daş bölegini we hudaý Osoris-Narefiň ady ýazylan kartuşy tapdylar. Bu tapyndylaryň ählisi Gerakleopolyň gadymy müsür, grek we rim döwürlerindäki dini hem medeni ornuna göz ýetirmäge mümkinçilik berer.
Gerakleopol Müsüriň möhüm arheologik ýadygärlikleriniň biridir. Ol Gadymy Müsürde IX we X nesilşalyklaryň höküm süren döwründe paýtagt şäher bolupdyr. Ol Orta we Täze şalyklaryň, şeýle hem Üçünji geçiş döwründe öz ähmiýetini ýitirmändir, grek-rim eýýamynyň gülläp ösüşiniň şaýady bolupdyr.