Şweýsariýada ilatyň 10 millionda saklanmagy üçin referendum geçiriler

2

14-nji iýunda Şweýsariýada ýurduň ilatynyň 10 million bilen çäklendirilmegi soralyp, referendum geçiriler. Ýurtda islendik meselede diýen ýaly sala salyşyk geçirilýär. Häzirki wagtda ilaty 9,1 milliondan geçýär. Eger halk tarapyndan goldanylan ýagdaýynda ýurda kabul edilýän migrantlaryň sany 50 göterim azaldylar. Ýurtda iş alyp barýan iri halkara kompaniýalar ýokary hünärli işgärleri daşary ýurtlardan getirýärler. Bu firmalaryň arasynda önümçilik kompaniýalary, banklar we tehnologiýa kompaniýalary bar. saglygy goraýyş ulgamynda iş alyp barýan “Roche Holding” kompaniýasynyň Bazeldäki edarasynda 100-den gowrak ýurtdan hünärmenler zähmet çekýär. “Google”-yň Sýrihdäki ofisinde dünýäniň 85 ýurdundan 5 müňden gowrak işgär işleýär. Şol sebäpli kompaniýalar bu düzgüniň ýokary hünärli işçi tapmakda kynçylyk döredip biljekdigine ünsi çekýärler.