Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç täze möhlet üçin saýlawlara gatnaşmaz, emma ol ýurduň syýasy durmuşynda iş alyp barmagyny dowam eder. Bu barada Serb Respublikasynyň döwlet gaz kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň başlygy, öňki wise-premýer Aleksandar Wulin metbugata beren interwýusynda habar berdi.
Wulin serb lideriniň ýurduň baş Kanunynda berkidilen iki gezeklik Prezidentlik möhleti barada düzgüni bozmajakdygyny, emma onuň syýasat bilen meşgullanmagyny dowam etjekdigini aýtdy.
Aleksandar Wuçiç ilkinji gezek 2017-nji ýylda Serbiýanyň Prezidentligine saýlandy. 2022-nji ýylda ikinji möhlete saýlanan Wuçiçiň Prezidentlik ygtyýarlylyklary 2027-nji ýylda dolýar.
PDF









