“Liwerpul” topary esaslandyrylýar

9

Mundan 134 ýyl ozal, şu gün, ýagny 1892-nji ýylyň 3-nji iýunynda Angliýanyň Liwerpul şäherinde “Liwerpul” futbol topary esaslandyrylýar. Jon Hulding “Ewerton” klubunyň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, häzirki stadionyň ýerleşýän ýerinde kluby döredýär. Angliýanyň ýokary ligasynda “Ewerton” hem-de “Aston Willadan” soň 112 möwsüm bilen 3-nji orunda barýan “Liwerpul” jemi 20 gezek çempionlyk gazanýar. FA Kubogyny 8, Liga Kubogyny 10 gezek eýelän “Liwerpul” UEFA-nyň iň uly klub ýaryşynda-da 6 sapar ýeňiji bolýar. Ýewropa Ligasynda 3 çempionlyk gazanyp, UEFA Super Kubogyny-da 4 gezek asmana galdyrýar. Taryhynda ençeme ýyldyzyň çykyş eden kluby dünýäde gowy görülýän toparlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär.