Tan­za­ni­ýa Af­ri­ka­nyň iň täsin te­bi­gatly ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Af­ri­ka Uly Köl­ler se­bi­tin­dä­ki bu ýurt­da ulu­ly-ki­çi­li bir­nä­çe der­ýa, köl we şag­la­wuk bar. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Nat­ron kö­li tä­sin hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol Af­ri­ka­nyň iň ra­hat­lan­dy­ry­jy te­bi­gy ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de gy­zy­lin­jik­le­riň müň­ler­çe­si ýa­şa­ýar we kö­pel­ýär. Em­ma kö­lüň ada­ty bol­ma­dyk ta­ra­py bar. Onuň su­wu­nyň wo­do­rod gör­ke­zi­ji­si (lat: pH – pon­dus Hyd­ro­ge­nii) örän ýo­ka­ry – 10,5. Mu­nuň se­bä­bi tö­we­regin­dä­ki dag­lar­dan ak­ýan çeş­me­le­riň su­wu­nyň dü­zü­min­de kö­mür­tur­şu­ly nat­ri­niň we beý­le­ki mi­ne­ral mad­da­la­ryň köp bol­ma­gy bi­len bag­ly. Su­wuň bu hä­si­ýe­ti kä­bir ölen jan­dar­la­ryň we gu­ran ösüm­lik­le­riň uzak wagt­lap çü­ýre­män sak­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Su­wu­nyň şeý­le hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu ýer­de baý eko­sis­te­ma bar. Şor we süý­ji suw­ly bat­ga­lyk­lar­da gu­şuň bir­nä­çe gör­nü­şi bi­len bir ha­tar­da, su­wo­tu­lar ös­ýär. Su­wo­tu­lar guş­la­ryň esa­sy iý­mit çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Tä­sin te­bi­gy kün­jek sy­ýa­hat­çy­la­ryň we te­bi­ga­ty su­ra­ta al­ýan su­rat­keş­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­riniň bi­ri­dir.
Su­wuň çe­ki­len ýer­le­rin­de gu­rap ga­lan ösüm­lik­le­riň da­şy­ny gap­lan hek gat­la­gy örän tä­sin gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Ol or­ga­nik ga­lyn­dy­la­ry bak­te­ri­ýa­lar­dan go­ra­ýar. Nik Brandt at­ly su­rat­çy­nyň kö­lüň tä­sin gö­zel­lik­le­ri­ni 2013-nji “Across the Ravaged Land” at­ly ki­ta­byn­da çap et­di­rip­dir.
Tan­za­ni­ýa­da we goň­şy ýurt­lar­da­ky ýal­pak köl­ler­de we onuň ada­la­ryn­da 2 mil­li­on­dan gow­rak kiçi gy­zy­lin­jik (Phoe­nicop­te­rus mi­nor) ýa­şa­ýar. Nat­ron kö­li Gün­do­gar Af­ri­ka­da­ky iki aş­gar­ly köl­den bi­ri­dir (beý­le­ki­si Ba­hi). Ola­ryň iki­si­niň hem su­wy baş­ga ýe­re ak­ma­ýar. Ola­ry akar suw­lar bi­len bir ha­tar­da, ýe­ras­ty ýy­ly suw­ly çeş­me­ler dol­dur­ýar. Bu köl­le­riň su­wu­nyň ýy­ly­ly­gy ýy­lyň ys­sy möw­sü­min­de 41 de­re­jä çen­li çyk­ýar. Bu bol­sa, su­wy bu­gar­dyp, onuň dü­zü­min­dä­ki duz muk­da­ry­ny art­dyr­ýar.