Hy­taý­da­ky ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 25 müň ki­lo­met­re ýet­di. Ola­ryň äh­li­siniň soň­ky on ýyl­da gur­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ýurt­la­ryn­da­ky ýol­la­ryň 66 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu ýol­la­rdan her ýyl­da 1 mil­liard­dan gow­rak ýo­lag­çy gat­na­ýar. Ýurt­da­ky ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­lar beý­le­ki döwletlerdäkiler bi­len deň ýa-da has ýo­ka­ry. Sa­gat­da ortaça 300 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän ot­lu­lar Pe­kin bi­len Týians­zin şä­her­le­ri­niň ara­syn­da­ky 120 km ýo­ly 35 mi­nut­da geç­ýär. Onuň tiz­li­gi kä ýer­ler­de 348 km/s-a çen­li ýet­ýär. 2008-nji ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­da açy­lan bu ugur ýurt­da­ky il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýo­lu­dyr. Şol ýyl ýur­duň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny gör­mä­ge ge­len myh­man­la­ryň kö­pü­si şeý­le ot­lu­la­ra il­kin­ji ge­zek mü­nüp­di­. Pe­ki­niň de­mir­ ýol eda­ra­sy­nyň met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­ty­na gö­rä Pe­kin-Týans­zin ara­syn­da­ky gün­de­lik ot­ly gat­na­wy­nyň sa­ny 94-den 217-ä çy­ka­ry­lyp­dyr. Hä­zi­re çen­li bu ara­lyk­da 250 mil­li­on ýo­lag­çy gat­na­dy­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hem ýurt­da ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Ýur­duň Içer­ki Mon­go­li­ýa aw­to­nom ra­ýo­ny­nyň mer­ke­zi şä­he­ri Huh-Ho­to, iri şä­her­le­ri Ulan­çab we Çžansz­ýa­kou şä­her­le­ri­niň ara­syn­da gu­rul­ýan de­mir ýol 2019-njy ýyl­da işe gi­ri­zi­ler. Şeý­le­lik­de, Pe­kin-Çžansz­ýa­kou ara­syn­da hä­zir­ki wagt­da 9 sa­gat­da ge­çil­ýän ara­lyk 3 sa­ga­da dü­şü­ri­ler. In­di­ki ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýur­duň Ti­bet se­bi­tin­den baş­ga äh­li we­la­ýat­yn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­lar he­re­ket eder.
De­mir ýol eda­ra­sy­nyň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, häzirki wagtda ýurt­da her gün­de 4 müň km ýol ge­çil­ýär we 4 mil­li­on ýo­lag­çy gat­na­dyl­ýar. Pe­kin-Guanç­žou ara­syn­da­ky ot­ly 2 300 km ara­ly­gy 8 sa­gat­da geç­ýär. Sa­gat­da 350 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän tä­ze “Fuxing” ot­lu­la­ry Pe­kin­den Şan­ha­ýa (1,318 km) 4 sa­gat 18 mi­nut­da bar­ýar. 2020-nji ýy­la çen­li ýurt­da­ky ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 30 müň km-e ýe­ti­ri­ler.