Kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “SpaceX” hem-de “Boeing” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gel­jek ýy­lyň or­ta­la­ryn­da kos­mo­nawt­la­ry uçu­ryp baş­la­jak­dyk­la­ry mä­lim edil­di. ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy NA­SA kos­mo­sa uçu­ryl­jak ast­ro­nom­la­ryň at­la­ry­ny mä­lim et­di. NA­SA “SpaceX”-iň “Dra­gon Crew” at­ly kap­su­la­sy­nyň şu ýy­lyň no­ýab­ry­na çen­li adam­syz, 2019-njy ýy­lyň ap­re­li­ne çen­li adam­ly sy­nag uçuş­la­ry­ny, “Boeing”-iň “CST-100 Star­li­ner” şatt­ly­nyň bol­sa, şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li adam­syz, in­di­ki ýy­lyň or­ta­la­ry­na çen­li adam­ly sy­nag uçuş­la­ry­ny ta­mam­la­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Adam­ly sy­nag uçuş­la­ry ta­mam­la­nan­dan soň­ra iki tas­la­ma hem NA­SA-nyň de­giş­li res­mi­na­ma­sy­ny alyp Kos­mos Be­ke­di­ne (ISS) kos­mo­nawt gat­na­dyp baş­lar.
NA­SA kos­mo­nawt­la­ry aşa­ky or­bi­ta gat­nat­mak üçin ula­nan “Discovery”, “En­deavour” we “At­lan­tis” kos­mos şatt­la­ry­ny 2011-nji ýyl­da “dynç al­şa” ug­ra­dyp­dy. Köp ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen gä­mi­le­re ko­smos uçar­la­ry hem di­ýil­ýär. Şon­dan bä­ri äh­li kos­mo­nawt­lar hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­di­ne Rus­si­ýa­nyň “So­ýuz” ra­ke­ta­la­ry ar­ka­ly gat­na­ýar. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da in­di­ki ýy­lyň ap­re­li­ne çen­li şert­na­ma bag­la­şy­lyp­dy. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ýük gat­nat­mak üçin ýa­pon gä­mi­le­rin­den hem peý­da­la­nyl­ýar.
“Boeing”-iň “Star­li­ner” şatt­ly adam­ly sy­nag uçu­şy­ny “Lockheed Mar­tin” hem-de “Uni­ted La­unch Al­li­ance” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­le­lik­de ön­dü­ren “At­las V” ra­ke­ta­sy bi­len ama­la aşy­rar.
NA­SA, “Ros­kos­mos”, Ýa­pon Kos­mos Bar­lag­la­ry Agent­li­gi, Ýew­ro­pa Kos­mos Agent­li­gi we Ka­na­da Kos­mos Agent­li­gi­niň bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy bo­lan Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de he­mi­şe 6 kos­mo­nawt ge­zek­li-ge­ze­gi­ne iş alyp bar­ýar.