Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň telekeçilerine dokma önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, pagta ýagy, bugdaý uny ýerlenildi. Geleşikleriňjemi bahasy ABŞ-nyň78 million 656 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 325 million 945 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, pagta ýagyny, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, pagta süýümini, nah matany, nah ýüplügi, jins matasyny satyn aldylar.
(TDH)
PDF









