Ispaniýanyň çempionatynda 10-njy tapgyrda “El Klasiko” duşuşygy geçirilip, “Real Madrid” sanawyň ýeňlişsiz lideri “Barselonany” myhmançylykda 2-1 hasabynda utdy. Çekeleşikli geçen oýunda 41-nji minutda katalonlaryň goragçysy Kubarsiniň derwezäniň alkymyndan daşlaşdyrjak bolan topy Mbappeniň aýagyna degip, tora girdi we hasap açyldy. 2-nji ýarymda, has takygy, 61-nji minutda Rafinýa hasaby deňlän oýunçy boldy. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galanda, owadan paslaşykdan soň, Kamawinganyň asistini gola öwüren Kilian Mbappe “Real Madride” ýeňiş getiren oýunçy boldy. Bu onuň “Realyň köýnekçesi bilen geçiren 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy (116 oýunda). Şeýlelikde, “Real Madrid” “Barselonanyň” çempionatdaky 9 oýunlyk ýeňişli seriýasyna soňky nokady goýup, utuk aratapawudyny 3-e düşürdi. “Real Madrid” resmi “El Klasiko” duşuşyklarynda 107-nji ýeňşini gazanyp, “Barselonadan” 1 ýeňiş öňe saýlandy.

2-nji basgançakda barýan “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Deportiwony” Hulian Alwaresiň 48-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi. “Walensiýa” bilen “Wilýarrealyň” duşuşygynda myhmanlar Mikautadzeniň 90+5-nji minutda geçiren goly esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
10-njy tapgyryň netijeleri:
Alawes – Malaga: 1-1 (Manýas 89 – Ninio 44),
R. Wallekano – Elçe: 0-3 (Redondo 23 p, Fer Ninio 36 p, Walera 68),
Rasing – Espanýol: 2-1 (Belosýan 69, Zabiri 84 – Ekspozito 62),
Walensiýa – Wilýarreal: 1-2 (Pepelu 38 p – Frimen 69, Mikautadze 90+6),
Atletiko – Deportiwo: 1-0 (Alwares 48),
Atletik – Hetafe: 4-0 (Berenger 17, Iniaki Williams 35, Paredes 70, Berçiçe 88),
Selta – Betis: 0-0,
R. Sosiedad – Lewante: 2-1 (Oskarsson 6, Turrientes 27 – Peres 22),
Barselona – Real Madrid: 1-2 (Rafinýa 61 – Mbappe 41, 87),
Sewilýa – Osasuna (şu gije)
PDF








