Ispanlara 40 ýaşly derwezeçini geçmek başartmady

12

Uly şowhun bilen dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynyň ilkinji esasy garaşylmadyk netijesi hasaba alyndy. “H” toparçada Atlantadaky “Mercedes-Benz Stadium”-da oýnalan oýunda Ýewropanyň çempiony, bu ýaryşyňam iň esasy dalaşgäri hasaplanýan Ispaniýanyň ýygyndysyna debýutant, taryhynda ilkinji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik edýän Kabo Werdeniň ýygyndysyny ýeňmek başartmady. Tutuşlygynda Ispaniýanyň hüjümleri bilen geçen oýunda hasap açylmady. Garşylyklaýyn hüjümler bilen duşuşygy tamamlan Kabo Werdeniň 40 ýaşyndaky derwezeçisi erjellik görkezip, ol ispanlaryň 7 howply hüjümini serpikdirmegi başardy. Wozinýa duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Bu duşuşykdan öň Instagram-daky yzarlaýjy sany 10 müň töweregi bolan Wozinýanyň yzarlaýjy sany oýundan soň 1,5 milliondan geçdi. Ol DK-de derwezesini goldan goran iň ýaşuly 3-nji derwezeçi boldy.

Ispaniýa bolsa soňky 5 Dünýä Kubogynda 4-nji gezek ýeňiş bilen başlap bilmedi. Kabo Werde bolsa taryhynda ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda gol geçirmese-de, ilkinji utugyny gazanmagyň hötdesinden geldi. Esasy düzümde meýdança çykan ispaniýaly Oýarzabal ilkinji 30 minutda ýeke gezek hem topa galtaşmady. Ol 1966-njy ýyldan bäri başdaky 30 minutda topa ýeke gezek hem aýagy degemedik ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, duşuşyk çempionatyň golsuz tamamlanan ilkinji oýny hökmünde hasaba alyndy.