Dünýä çempionatynyň bilet nyrhlary rekord derejä ýetdi

4

Meksikanyň, Kanadanyň we ABŞ-nyň bilelikde guraýan 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň biletleriniň bahalarynyň rekord derejede gymmatlamagy halkara jemgyýetçiligi we hünärmenler tarapyndan ýiti tankytlara sezewar edilýär. Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Federasiýasy (FIFA) bahalaryň durnuklylygyny goramak we biletleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen, taryhda ilkinji gezek islege görä üýtgeýän “dinamik nyrh kesgitleme” ulgamyny girizdi. Guramanyň ýolbaşçysy Janni Infantino bu nyrhlaryň ABŞ-nyň häzirki wagtda dünýäniň iň uly sport bazary bolup durýandygy we biletleriň arzan bolan ýagdaýynda gara bazarda has-da gymmat satyljakdygy bilen düşündirýär. Şeýle-de bolsa, garaşsyz bilermenler we sarp edijileriň hukuklaryny goraýan halkara guramalar FIFA-nyň bu delillerini esassyz hasaplap, häzirki bilet syýasatynyň diňe guramanyň girdejisini artdyrmaga hyzmat edýändigini belleýärler.
Çempionatyň biletiniň bahalary ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende juda ýokary bolup, toparçalaýyn oýunlaryň biletleri 140 dollardan başlan bolsa, Nýu-Jersi şäherinde geçiriljek final oýunlarynyň birinji derejeli biletleri birnäçe tapgyrda gymmatlap, ilki 8 müň 680 dollara, soňra bolsa 32 müň 970 dollara çenli ýokarlandy. Bu görkezijiler Russiýada (2018-nji ýyl, 1 müň 100 dollar) we Katarda (2022-nji ýyl, 1 müň 607 dollar) geçirilen dünýä çempionatlarynyň, hatda Ýewro-2024-iň final oýunlarynyň bahalaryndan birnäçe esse ýokarydyr. Mundan başga-da, “Euroconsumers” sarp edijiler guramasy FIFA-nyň resmi taýdan biletleriň gaýtadan satylmagyndan hem alyjydan, hem satyjydan, jemi 30 göterim möçberinde goşmaça gümrük we hyzmat nyrhlaryny alýandygyny mälim edip, guramanyň nyrhlara ýokary çäk girizmekden ýüz dönderendigini aýan etdi.
Hünärmenleriň pikirine görä, dünýä çempionatyny Amerikanyň milli sport ligalarynyň (NFL, NBA we beýlekiler) oýunlary we olaryň bilet bahalary bilen deňeşdirmek stilistik we durmuşy taýdan nädogry çemeleşmedir. Sebäbi 48 sany milli ýygyndy toparyň gatnaşmagynda bäş hepdeläp dowam edýän dünýä çempionatynyň janköýerler köpçüligi diňe bir guramaçy ýurtlaryň däl, eýsem, bütin dünýäniň dürli durmuş gatlaklaryndan ybarat bolup durýar. Köp sanly ýurtlaryň futbol muşdaklarynyň ykdysady ýagdaýynyň ABŞ-nyň sport bazarynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli, döredilen täze nyrh ulgamy dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän hakyky muşdaklaryň bütindünýä sport baýramyna gatnaşmak mümkinçiliklerini çäklendirýär.