Russiýada parlament saýlawlary geçiriler

3

Russiýa Federasiýasynda Döwlet Dumasynyň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary şu ýylyň 20-nji sentýabryna bellendi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu baradaky degişli Permany resmi hukuk maglumatlary portalynda çap edildi diýip, BELTA habar gullugy mälim edýär.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasynda Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň nobatdaky saýlawlaryny 20-nji sentýabrda geçiriljekdigi mälim edilýär.
Mundan başga-da, şol bir bitewi ses berişlik gününde ýurt boýunça dürli derejelerdäki 2,2 müňden gowrak saýlaw kappaniýasynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Olaryň çäklerinde Russiýanyň 11 sany sebitiniň ýolbaşçylary saýlanar. Bu sebitleriň sekizisinde ýerli häkimiýetleriň ýolbaşçylary göni ses berişlik arkaly, galan üç subýektde bolsa sebit kanun çykaryjy edaralary tarapyndan wezipä belleniler. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň kanun çykaryjy edaralarynyň deputatlarynyň saýlawlaryny bolsa jemi 39 sebitde geçirmek göz öňünde tutulýar.