Şu gün, 17-nji iýunda Kazan şäherinde Russiýa Federasiýasynyň hem-de Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlady.
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, iki günüň dowamynda (17-18-nji iýun) geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşyk taraplaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyna bagyşlanýar.
Ýokary derejeli forumyň çäklerinde gatnaşyjy döwletleriň liderleri taraplaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşarlar.
PDF









