Lidiýa Žorže Awstriýanyň döwlet baýragyna mynasyp boldy

10

Portugaliýaly ýazyjy Lidiýa Žorže 2026-njy ýylyň Ýewropa edebiýaty boýunça Awstriýanyň döwlet baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Awstriýanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda mälim edilýär. Pul sylagynyň möçberi 25 müň ýewro bolan bu abraýly baýragy gowşurmak dabarasy 27-nji iýulda Zalsburg festiwalynyň çäklerinde geçiriler we ony Awstriýanyň wise-kansleri, sungat hem-de medeniýet ministri Andreas Babler gowşurar.
1965-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän bu döwlet baýragy halkara jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilen we eserleri nemes diline terjime edilen ýewropaly awtorlara edebi döredijilikde gazanan umumy üstünlikleri üçin berilýär. Emin agzalarynyň bellemegine görä, Lidiýa Žorže köp ýyllaryň dowamynda portugal edebiýatynyň iň täsirli wekilleriniň biri bolup durýar. Onuň döredijiliginde Ýewropa kolonializminiň tankydy, jemgyýetçilik deňsizligi, garyplyk, aýallaryň kemsidilmegi, jynsparazlyk ýaly möhüm meseleler baş mowzuklar hökmünde öňe sürülýär. Wise-kansler Andreas Babler hem ýazyjynyň şahyrana diliniň üsti bilen ynsan deňligini we durmuşyň gymmatlygyny goraýandygyny belläp, onuň döredijiligine ýokary baha berdi.
Häzirki wagtda 80 ýaşyndaky ýazyjy Lidiýa Žorže tas 50 ýyllyk döredijilik ýolunda 13 sany romany, şeýle-de çagalar üçin kitaplary, hekaýalary, pýesalary, goşgylary we esseleri ýazdy. Onuň eserleri onýyllyklaryň dowamynda ispan, fransuz, iňlis we nemes dillerine terjime edildi. Nemes dilinde neşir edilen eserleriniň arasynda «O Dia dos Prodígios» (1979), «A Costa dos Murmúrios» (1988) we «Misericórdia» (2022) ýaly kitaplary aýratyn tapawutlanýar.
Gündogar Afrikadaky koloniýal uruş döwründe Angolada we Mozambikde ýaşan, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipelerinde zähmet çeken Lidiýa Žorže öz işjeň döredijilik ýoly üçin köp sanly abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ol 2003-nji ýylda Portugal ýazyjylarynyň assosiasiýasynyň uly baýragyna, 2020-nji ýylda roman dillerindäki edebiýat boýunça FIL baýragyna we 2025-nji ýylda Pessoa baýragyna mynasyp boldy.