Portugaliýa hem edil goňşusy ýaly

7

Dünýä Kubogynda “K” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy hem goňşusy Ispaniýanyň ýygyndysy ýaly deňlik bilen başlady. Ronaldo we ýoldaşlaryna 52 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşýan Kongo DR-niň ýygyndysyny öňe geçen oýnunda ýeňmek başartmady. Žoao Neweşiň  goly bilen öňe geçen portugallaryň derwezesinden hasaby deňlän goly 45+5-nji minutda Ýoane Wissa öz adyna ýazdyrdy. Bu çempionatdaky birinji oýnuny şowsuz tamamlan Ronaldo Dünýä Kubogynda derwezeçileri hasaba almanyňda, meýdança çykan iň ýaşuly futbolçy rekordynyň eýesi boldy.

“K” toparça

PORTUGALIÝA – KONGO DR: 1-1

Žoao Neweş 6 – Ýoane Wissa 45+5