Dünýä Kubogynda “K” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy hem goňşusy Ispaniýanyň ýygyndysy ýaly deňlik bilen başlady. Ronaldo we ýoldaşlaryna 52 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşýan Kongo DR-niň ýygyndysyny öňe geçen oýnunda ýeňmek başartmady. Žoao Neweşiň goly bilen öňe geçen portugallaryň derwezesinden hasaby deňlän goly 45+5-nji minutda Ýoane Wissa öz adyna ýazdyrdy. Bu çempionatdaky birinji oýnuny şowsuz tamamlan Ronaldo Dünýä Kubogynda derwezeçileri hasaba almanyňda, meýdança çykan iň ýaşuly futbolçy rekordynyň eýesi boldy.
“K” toparça
PORTUGALIÝA – KONGO DR: 1-1
Žoao Neweş 6 – Ýoane Wissa 45+5
PDF









