Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde dünýäniň 49 ýurdunyň 2500-den gowrak wekili, şol sanda dini liderleri, bilermenleri we talyplary birleşdiren Dini liderleriň III halkara sammiti hem-de Günorta-Gündogar Aziýanyň alymlarynyň IV maslahaty geçirildi.
Malaýziýanyň hökümetiniň we Bütindünýä musulman ligasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu forumyň barşynda çalt depginler bilen özgerýän tehnologik şertlerde ýaşlara öz ukyplaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermegiň wajyp meselelerine garaldy. Maslahatda häzirki zaman jemgyýetiniň durnukly ösüşiniň binýady hökmünde ynsan mertebesini goramaga we dinara ylalaşygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, dini gymmatlyklar jemgyýetde bölünişigi ýa-da rasizmi döretmäge däl-de, eýsem, agzybirligi we jebisligi üpjün edýän köpri bolup hyzmat etmelidir. Şeýle hem sammitiň gün tertibinde emeli aňyň ösmegi hem-de nädogry maglumatlaryň ýaýramagy bilen bagly töwekgelçilikler ara alyp maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň we nädogry maglumatlaryň ýaramaz täsirlerine garşy durmakda bilim bermegiň we medeniýetara gepleşikleriň ornunyň uludygyny nygtadylar. Halkara forumyň netijeleri boýunça bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, bilimlere jogapkärçilikli çemeleşmek we dünýä bileleşiginde özara düşünişmek ýörelgelerini berkitmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
PDF









