Çempionlykdan soň ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy

3

Dünýä Kubogynda “E” toparçada Germaniýanyň ýygyndysy Toronto şäherindäki BMO Field stadionynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda afrikalylar öňe saýlandy. Duşuşygyň 30-njy minutynda Frank Kessi hasaby açdy. Nemesler bu gola 2-nji ýarymda jogap bermegi başardy. 60-njy minutda oýna giren oýunçylar Germaniýanyň ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Nadiem Amiriniň ajaýyp pasyndan soň, Deniz Undaw 68-nji minutda hasaby deňledi. Duşuşygyň soňky minutlarynda, has takygy, 90+4-nji minutda ýene-de Deniz Undaw tapawutlanyp, Germaniýanyň ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Bu onuň çempionatdaky 3-nji goly boldy.

Şunlukda, 2 oýunda 6 utuk toplan Germaniýanyň ýygyndysy 1/16 finala çykan 3-nji topar hökmünde hasaba alyndy. Toparçada 1-nji eýelemäge hukuk gazanan Germaniýanyň ýygyndysy 1/16 finalda A/B/C/D/F toparçalarynyň haýsy hem bolsa biriniň 3-nji ýeri eýelän topary bilen duşuşar.

Germaniýanyň ýygyndysy 8 ýyldan soň, 2014-nji ýyldaky çempionlygyndan bäri ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy. Dünýäniň 4 gezek çempiony Germaniýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyndaky 80-nji ýeňşini gazandy.