Fransiýanyň paýtagty Parižde, taryhy Notr-Dam ybadathanasynyň golaýyndaky Sena derýasynda «Nanna» atly üýtgeşik gämi-kitaphana öz işine başlady. Bu taslama özünde erkin kitap okamagy, medeni çäreleri we aýdym-sazly agşamlary jemleýär. Ýakynda açylan bu medeni merkez Montbello kenarýakasynda ýerleşip, geljek on ýylyň dowamynda paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat eder.
Döwrebap nusgadaky bu desga Parižde öz-özüňe hyzmat etmek ulgamynda işleýän iň uly kitap gutusy hökmünde häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde dünýä edebiýatynyň, fransuz nusgawy eserleriniň, şeýle hem poeziýa we dramaturgiýa degişli 5 müňden gowrak kitap jemlenip, aýratyn-da zenan ýazyjylaryň eserlerine uly orun berilýär. Täsin taslamanyň esasy aýratynlygy — islendik okyjy halan kitabyny mugt alyp bilýär we ony yzyna gaýtarmak borjy goýulmaýar. Mundan başga-da, gelýän myhmanlara öz ýanlary bilen getiren kitaplaryny gämi-kitaphananyň gaznasyna sowgat bermäge hem mümkinçilik döredilendir. Ýerli sungat işgärleriniň bellemegine görä, şeýle innowasion çemeleşmeler jemgyýetde kitap okamaga bolan gyzyklanmany has-da ýokary götermäge ýardam edýär.
Medeni merkez diňe bir kitaphana bolmak bilen çäklenmän, eýsem, agşamara dürli medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Bu ýerde aýdym-sazly agşamlar, ýazyjylar bilen duşuşyklar we gyzykly edebi duşuşyklar guralyp, myhmanlar üçin ýörite bar hem hyzmat edýär. Taslamanyň esaslandyryjysy Nikolas Ložero Lasser Sena derýasynyň hemişe sungat we edebiýat ussatlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edendigini, şonuň üçin hem şeýle medeni desganyň hut suw üstünde ýerleşdirilmeginiň örän tebigy we durnukly ädimdigini nygtaýar.
Şeýle täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Fransiýanyň kitap söwdasy we neşirýat pudagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi Milli kitap merkeziniň (Centre national du Livre) görkezijilerine görä, geçen 2025-nji ýylda ýurt boýunça ilkinji gezek ýapylan kitap dükanlarynyň sany (85 dükan) açylan täze dükanlaryň sanyndan (83 dükan) köp bolup, pudakda belli bir kynçylyklaryň ýüze çykandygyny görkezdi. Şonuň üçin hem täze gämi-kitaphana ýurtda kitap söwdasyny we okyjylar köpçüligini goldamagyň döwrebap nusgasy hökmünde uly ähmiýete eýedir.
PDF









