Ýel­ken­li döw­re­bap gä­mi

1

«Xplo­rer Yachts» bi­len «Nor­se Shi­pyard» kom­pa­ni­ýa­la­ry uzyn­ly­gy 106 met­re ba­ra­bar bol­jak ýel­ken­li gä­mi­ni gu­rar­lar. Gib­rid ýan­gyç­ly ulag di­zel hem-de elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bi­len hem üp­jün edi­ler. Şeý­le hem «Wind Voya­ge» at­ly tapgyryň çäk­le­rin­de uzyn­ly­gy 80-120 metr ara­ly­gyn­da bol­jak baş­ga-da bir­nä­çe gä­mi­ler gur­lar. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de az ýan­gyç sarp ed­ýän suw ulag­la­ry­nyň ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. In­že­ner­ler de­ňiz­ler­de yzy­gi­der­li öwüs­ýän şe­mal­dan has ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler.
Mun­dan ozal, 2022-nji ýyl­da uzyn­ly­gy 121 metr bo­lan, ýyg­nal­ýan ýel­ken­ler bi­len üp­jün edi­len «Canopée» at­ly äpet gä­mi ulan­ma­ga ber­lip­di. Bu gä­mi şeý­le suw ulag­la­ry­ny ön­dür­mek üçin nus­ga bol­ma­gy­nda gal­ýar. Ge­çi­ri­len tej­ri­be­ler gä­mi­niň ýan­gy­jy tyg­şyt­la­mak­da go­wy ne­ti­je be­ren­di­gi­ni gör­kez­di.