Hytaýda «Yuanxin Satellite» kompaniýasy haýsydyr bir ýörite mobil goşundy ýüklenmedik ýa-da goşmaça enjam oturdylmadyk adaty el telefonyny emeli hemranyň üsti bilen işletdi. Synag maksatly gepleşikde telefonyň aragatnaşyk derejesiniň görkezijisi doly ýagdaýda boldy. Sesiň hili adaty 5G torunyňky bilen deň boldy.
Telefonda gepleşmegi üpjün etjek iki sany emeli hemra 9-njy iýunda kosmosa uçurylypdy. Bu emeli hemralar telefonlaryň Ýerden kosmosa gönüden-göni birikmegini üpjün edýär. Hytaýyň senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi bu emeli hemralaryň aragatnaşyk üçin ulanylmagyna degişli ygtyýarnama berdi.
Synag maksatly uçurylan emeli hemra orbitada telefonyň gönüden-göni emeli hemradan peýdalanylmagy hem-de Ýer-kosmos torunyň ýola goýulmagy üçin tehnologiýalary döretmekde peýdalanylýar. Bu iş emeli hemra aragatnaşygy bilen 5G hem-de 6G torlarynyň bilelikde ulanylmagyna degişli infrastrukturanyň başlangyjy hasaplanýar.
Mundan başga-da, «Yuanxin Satellite» kompaniýasy kosmosdan internet aragatnaşygyny ýola goýmak üçin häzire çenli 200 emeli hemrany orbita ýerleşdiripdir. Jemi üç tapgyrda amala aşyryljak bu taslamanyň çäklerinde ilkinji nobatda 648 emeli hemra uçurylar. Soňra bolsa, olaryň sany 1 müň 296-a ýetiriler. Soňky tapgyrda 15 müňden gowrak emeli hemra Ýeriň aşaky orbitasynda ýerleşdirilip, bütin Ýer ýüzi kosmos internetiniň hyzmat ediş çägine giriziler.
Sonajemal Annageldiýewa,
Bäherden etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









