Türkiýäniň ýygyndysy çempionaty ýeňiş bilen tamamlady

6

Dünýä Kubogynda toparçalardaky 3-nji duşuşyklar dowam edýär. “D” toparçada ozal birinjiligi belli bolan ýer eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda gol hem geçirip bilmedik Türkiýeden 3-2 hasabynda asgyn geldi. Çekeleşikli geçen oýnuň 3-nji minutynda Trasti amerikanlary öňe saýlady. 10-njy minutda Arda Güler hasaby deňledi. Bu gol Türkiýäniň 24 ýyldan soň Dünýä Kubogynda geçiren ilkinji goly boldy. 31-nji minutda Baryş Alper Ýylmazyň goly bilen Türkiýe öňe geçse-de, 2-nji ýarymyň başynda ýer eýeleri Beralteriň goly esasynda hasaby deňledi. Duşuşygyň goşmaça berlen minutynda-da oýna soň giren Kaan Aýhan tapawutlanyp (90+8), uly umytlar bilen gatnaşan Türkiýäniň ýygyndysyna ýeňiş getirdi.

Toparçadaky beýleki oýunda Paragwaý bilen Awstraliýanyň ýygyndylary golsuz deňme-deň oýnady. Netijede, Awstraliýa 2 gol geçirip, 2 gol geçirdip, 0 gol aratapawudy bilen 2-nji orny eýeledi. Paragwaý bolsa -2 gol aratapawudy bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Paragwaýyň milli ýygyndysynyň 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda iň gowy 8 toparyň biri bolmak mümkinçiligi ýokary.

Toparçada 1-nji orny eýelän ABŞ-nyň ýygyndysy 1/16 finalda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Awstraliýanyň ýygyndysy “G” toparçada 2-nji orny eýelän ýygyndy bilen 1/8 finala çykmak üçin özara güýç synanyşar.

 

ABŞ 3 2 0 1 8-4 4 6
Awstraliýa 3 1 1 1 2-2 0 4
Paragwaý 3 1 1 1 2-4 −2 4
Türkiýe 3 1 0 2 0-3 −3 3